2024-nji ýylyň 6-njy martynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň
gatnaşmagynda Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň adatdan
daşary Baş assambleýasynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Şeýle
hem bu duşuşyga birleşigiň agza ýurtlaryň wekilleri hem gatnaşdylar.
Duşuşykda Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň köptaraplaýyn
hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary
ýokarlandyrmagyň we olary täze derejä çykarmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň
edildi.
Türki
döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly halkara meýdança
bolup hyzmat edýän Türki döwletleriniň söwda-senagat
edaralarynyň birleşiginiň häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz,
Özbegistan we Türkiýe Respublikalary doly hukukly agzalarydyr. Türkmenistan,
Wengriýa, Demirgazyk Kipr bolsa synçy agzalary bolup durýar.
Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda onuň gün tertibine laýyklykda, birleşige öňden synçy hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyny Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň doly hukukly agzalygyna kabul etmek baradaky teklip öňe sürüldi we bu teklibi duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisiniň biragyzdan goldandygy barada habar berildi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.