PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty öz işine başlady

17.03.2024
Card image cap

     Öňden habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty öz işine başlady.

   Bu giň möçberli çäre   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ugurda uly üstünlikler gazanýan, ylmyň gazananlaryny, öňdebaryjy tejribäni ähli ulgamlara işjeň ornaşdyrýan türkmen telekeçileriniň 16 ýylyň dowamynda gazanan sepgitlerini ýaýbaňlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolar.

  Döwlet tarapyndan döredilýän şertlerden peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda öndürilen ýokary hilli, daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň eksportyny yzygiderli artdyrmak arkaly halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde guwandyryjy netijeleri gazanýan türkmen hususyýetçileriniň üstünliklerini giň jemgyýetçilige ýaýbaňlandyrmakda özboluşly meýdança öwrülýän bu sergi 3 günläp dowam eder.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.

 


Bulary hem okaň