Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýada döwlet saparynda: türkmen-gruzin işewürlik hyzmatdaşlygy pugtalanýar

17.07.2026
24

     2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýa döwlet sapary bilen Tbilisi şäherine ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti hem bolup, bu sapar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, maýa goýum we işewürlik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boldy.

         Saparyň çäklerinde Tbilisidäki “Ekspo Georgia” sergiler merkezinde Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty hem-de Türkmenistanda öndürilen önümleriň  sergisi geçirildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan sergide ýurdumyzyň senagat, dokma, oba hojalyk, azyk we beýleki pudaklarynda öndürilýän ýokary hilli önümler halkara işewür toparlaryna tanyşdyryldy. Bu sergi türkmen öndürijileriniň halkara bazarlarynda bäsdeşlige  ukyply önümlerini görkezmek bilen bir hatarda, täze hyzmatdaşlary çekmek üçin hem netijeli meýdança boldy.

         Işewürlik maslahatynyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, logistika, ulag-aragatnaşyk, maýa goýum, senagat, oba hojalygy we syýahatçylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Geçirilen duşuşyklar täze işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna we özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikleri açdy.

         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramaçylygynda bu möhüm çäräniň ýokary dereje geçirilmegi milli işewürligi goldamak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de türkmen önümlerini dünýä bazarlarynda giňden wagyz etmek boýunça alnyp barýan yzygiderli işleriň nobatdaky beýany boldy.

         Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyran döwlet sapary türkmen-gruzin dostlukly gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge uly itergi berer. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň açyk gapylar syýasatynyň we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek tassyklaýar. 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň