PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

«Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2024» atly halkara maslahaty we sergisi üstünlikli geçirildi

25.10.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda üç günläp dowam eden «Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2024» atly halkara maslahaty we halkara sergisi öz işini üstünlikli jemledi.

Onda dünýäniň onlarça ýurdundan nebitgaz, energetika ulgamlarynda işleýän kompaniýalaryň türkmenistanly kärdeşleri bilen pikir alyşmagyna, özara tejribelerini paýlaşmagyna mümkinçilik döredildi. Şeýle hem geljekde hyzmatdaşlyklarynyň gerimini giňeltmegiň ýollary öwrenildi. Türkmenistanyň nebitgaz, maliýe, himiýa we energetika pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen öňünden ylalaşylan duşuşyklar bu giň möçberli çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Halkara maslahatynyň we sergisiniň üçünji gününde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Metbugat maslahaty hem geçirildi.

Bu halkara çäresiniň ahyrynda oňa işjeň gatnaşyjylara ýörite şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy boldy.  

«Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2024» atly halkara maslahatyna we halkara sergisine gatnaşyjylaryň adyndan  çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň