PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň milli güni «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisinde

11.10.2023
Card image cap

«EKSPO — 2023 Doha» halkara bagbançylyk sergisinde geçirilen Türkmenistanyň milli gününde  dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň milli pawilýony bilen tanyşdylar. Pawilýonyň öňünde ýerleşdirilen türkmen we iňlis dillerinde gök reňkli yşyklar bilen bezelen «Suw damjasy — altyn dänesi» diýen ýazgy onuň esasy mowzugyny şöhlelendirýär. 
Çäräniň açylyş dabarasynda giriş sözi bilen Katar Döwletiniň şäher we şäher meýilnamalaşdyryş ministri Abdulla bin Abdulaziz bin Türki Al Subai we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda şeýle hem türkmen artistleri çykyş edip, halkymyzyň baý medeni mirasy bilen myhmanlary tanyşdyrdylar.
Baý ruhy mirasymyzyň öwüşginlerini häzirki zaman bezegleri bilen utgaşdyrýan milli pawilýonymyzda, esasan, gurak zolaklarda suw bilen üpjünçilik meselesine üns çekilýär hem-de ýurdumyzyň tebigaty goramak babatdaky tagallalary görkezilýär. Şeýle hem Türkmenistanda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy goraghanalary gorap saklamak boýunça amala aşyrylýan işler, tebigy we medeni syýahatçylyk zolaklar barada maglumat berilýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň