Ak mermerli paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda iki
günläp geçirilen Türkmenistanyň maýa
goýum forumynyň we ugurdaş sergisiniň işine dünýäniň abraýly bilermenleri,
öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa
kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň
wekilleri gatnaşdylar.
Bu maýa goýum forumy
we ugurdaş sergisi maýadarlar, daşary ýurtly işewür hyzmatdaşlar we Türkmenistanda işlemek
isleýän kompaniýalar bilen gatnaşyklary ýola goýmakda, halkara hyzmatdaşlygyny
pugtalandyrmakda, eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde we daşary ýurt maýa
goýumlaryny, esasan hem dürli taslamalara maýa goýmaga taýyn halkara
maýadarlaryny çekmekde möhüm ähmiýetli meýdança öwrüldi.
Türkmenistanyň
maýa goýum forumynyň we ugurdaş sergisiniň dowamynda maýa
goýum mümkinçilikleriniň, ýurdumyzy
senagat, ylmy-tehnologik we durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlary barada özara pikir alşyldy. Şeýle hem halkara
guramalaryň, iri maliýe düzümleriniň we daşary ýurt işewürler bileleşiginiň
wekilleriniň arasynda tanyşdyryş çäreleri geçirilip, türkmen tarapynyň teklip
eden innowasiýon taslamalaryna maýa goýumlary gönükdirmegiň maksadalaýyklygy
ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.