2024-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy ─ 2024» atly halkara sergisi we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat öz işine başlady.
Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän giň gerimli çärä bu pudaga ýöriteleşen daşary ýurt kompanyýalarynyň ýüzlerçesi gatnaşýar.
Sergide gurluşyk, senagat we energetika pudagynda gazanylan iň täze tehnologiki çözgütler we enjamlar dürli ekspozisiýalaryň üsti bilen myhmanlara görkeziler. Bu sergi kompaniýalara öz mümkinçiliklerini açyp görkezmekde, tejribe alyşmakda hem-de täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda uly ähmiýete eýe bolar.
Bu giň möçberli çäre 5-nji noýabra çenli dowam eder.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.