16-19-njy maý aralygynda Rumyniýanyň
paýtagty Buharestde geçirilýän «TIBCO ─ 2024» halkara sergisine Türkmenistan öz
milli ekspozisiýasy bilen gatnaşýar. Oňa ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary
bilen bilelikde Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň sergi diwarlyklary
ýerleşen bölümde ýurdumyzyň senagat, gurluşyk, dokma, nebitgaz, oba hojalyk,
himiýa we beýleki pudaklarda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrylýar. Sergi
bölüminde ýurdumyzyň hususy düzüminiň wekilleriniň öndürýän harytlaryna, haly
we dokma önümlerine hem giň orun berlipdir. Sergi diwarlyklarynda görkezilýän
milli önümlerimiz myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Buharest
şäherinde geçirilýän bu halkara gözden geçirilişe özüniň sergi ekspozisiýasy
bilen gatnaşmagy Watanymyzda öndürilýän harytlar bilen daşary ýurtly sarp
edijileri tanyşdyrmaga, täze söwda we maýa goýum hyzmatdaşlary ýüze çykarmaga,
olar bilen netijeli özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge şertleri döredýär.
«TIBCO ─ 2024» ─ Rumyniýanyň «ROMEXPO
S.A .» kompaniýasy tarapyndan her ýylda guralýan iň iri sarp ediş harytlarynyň
sergisidir. Oňa dünýäniň 15-e golaý ýurdundan kompaniýalar gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.