PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanda «Kids EKSPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler

01.05.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 19-22-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ilkinji gezek «Kids EKSPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu barada 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde habar berildi.

Mejlisde «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» bellenilen wezipelere laýyklykda, ýurtda halkara sergileri guramak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz agzalan halkara sergi-ýarmarkasyny guramak baradaky teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Sergi-ýarmarkada ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň çagalar, mekdep okuwçylary, talyplar üçin niýetlenen ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri, okuw esbaplary, elektron harytlary hödürleniler. Şeýle hem onuň çäklerinde agzalan pudakda iş alyp barýan kompaniýalaryň tejribe alyşmagy, çagalar üçin dürli ugurlarda ussatlyk sapaklarynyň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar hem-de täzelikler bilen tanyşdyrylmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy. 


Bulary hem okaň