PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan «Russia Halal Expo» maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň halkara sergisine gatnaşýar

16.05.2024
Card image cap

Türkmenistanyň birnäçe döwlet we hususy düzümleriniň, şol sanda Söwda-senagat edarasynyň wekilleri Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçirilýän «Russia Halal Expo» maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň halkara sergisine özleriniň sergi diwarlyklary bilen gatnaşýarlar. 

Sergä Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitleriniň, daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň azyk önümçiligi, saglygy goraýyş, senagat, moda senagaty, syýahatçylyk, maglumat tehnologiýalary, maliýe we maýa goýumlar ulgamlarynda ýöriteleşen edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Sergi şu günler Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň merkezi şäherinde geçirilýän «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum-2024» halkara forumynyň çäklerinde guralýar. Giň gerimli halkara çärä 80-den gowrak döwletiň, şol sanda YHG-a agza ýurtlaryň 40-synyň, şeýle hem Russiýanyň sebitleriniň 83-siniň wekilleri gatnaşýarlar. 

Türkmenistanyň milli pawilonynda ýurdumyzyň ulag-logistika, söwda, oba hojalyk pudaklaryndaky ýeten sepgitleri, hususy telekeçileriň öndürýän önümleriniň giň görnüşleri, maýa goýum mümkinçilikleri aýdyň şöhlelendirilýär. 

Ýurdumyzyň bu çärä gatnaşmagy Russiýa bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, dünýäniň halal önümler bazarynda Diýarymyzyň ornuny pugtalandyrmaga, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary çekmäge ýardam berer.  



Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.



Bulary hem okaň