PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýär

08.08.2024
Card image cap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüji baştutanlygynda Türkmenistan dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen özara bähbitli, deňhukukly, hoşniýetli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň söwda toplumynda alnyp barylýan giň gerimli işler hem şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem döwletimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatyndan ugur alyp, goňşy we alysdaky dostlukly ýurtlar bilen ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegi ugrunda özüniň mynasyp goşandyny goşýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini açyp görkezýän birnäçe köpugurly sergileri, işewürlik forumlaryny gurady. Geçirilen şol çärelerde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berk binýady ýola goýuldy. Geçen döwürde birnäçe ýurtlaryň işewür toparlary ýurdumyza sapar bilen gelip, döwlet we hususy düzümleriniň wekilleri bilen işewürlik duşuşyklaryny geçirdiler. Ýurdumyzyň wekilleri Oman Soltanlygynda, Russiýa Federasiýasynda, Rumyniýada, Hytaýda geçirilen halkara sergilere öz milli pawilýony bilen gatnaşdy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda daşary ýurtlaryň wekilçilikli topary, şeýle hem ilçiler bilen geçirilen duşuşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-senagat edarasynyň wekilleri daşary ýurtlaryň birnäçesine iş saparlaryny amala aşyryp, degişli ýurtlaryň döwlet we hususy düzümleriniň ýolbaşçylary bilen gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar.

Netijeli ýagdaýda geçirilen gepleşikler, işewürlik forumlary, ýurdumyzda bolan köpugurly sergilere gatnaşmaga daşary ýurtlardan köp sanly kompaniýalaryň isleg bildirmegi geljegi uly türkmen bazarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçiliklere eýelik edýändigine şaýatlyk edýär. Çünki, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk, abadançylyk ýörelgelerine pugta eýerýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açykdyr.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň