PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan Buharest şäherinde geçiriljek «TIBCO ─ 2024» halkara sergisine öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşar

13.04.2024
Card image cap

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçiren sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary geçirmek babatda amala aşyrylýan işler barada beren hasabatynda aýtdy.

Türkmenistanda we daşary ýurtlarda yzygiderli guralýan sergilerdir maslahatlar durmuş-ykdysady ösüşleri ýaýbaňlandyrmaga, içerki bazaryň bolçulygyny artdyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňyn täsir edýär.

 Şeýle hem sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň 16-19-njy maýy aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde  «TIBCO ─ 2024» halkara sergisine Türkmenistanyň öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşmagy boýunça ýerine ýetirilýän işler hem-de bu iri möçberli sergide ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň, hususy haryt öndürijileriniň harytlaryny we hyzmatlaryny mahabatlandyrmagyň  meýilleşdirilýändigi barada habar berildi. Bu   halkara sergisi täze eksport bazarlaryny açmaga, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge giň mümkinçilikleri açar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň


Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň