05.11.2026
2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda
Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň işewür
toparlarynyň 200-den gowrak wekiliniň gatnaşmagynda türkmen-özbek işewürlik forumy
hem-de B2B görnüşindäki ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklarda iki ýurduň arasynda
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak,
eksport mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek
meselelerine garaldy.
Gepleşikleriň
dowamynda gurluşyk, azyk we himiýa senagaty, dokma önümçiligi, elektrotehnika,
oba hojalygy, söwda we hyzmatlar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp
maslahatlaşyldy. Telekeçiler öz önümleridir hyzmatlaryny tanyşdyryp, täze
işewür gatnaşyklary ýola goýmak boýunça pikir alyşdylar.
Forumyň
çäklerinde Özbegistandan 150-den gowrak telekeçiniň Aşgabatda geçirilýän “Türkmenistanyň
gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara sergä we
maslahata (CIET 2026) gatnaşmagy hem-de özbek öndürijileriniň önümleriniň
sergisiniň guralmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge täze
mümkinçilikleri döretdi.
Türkmen-özbek
işewürlik forumy iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky gatnaşyklary
pugtalandyrmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde we täze ykdysady
mümkinçilikleri açmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.