2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hameli bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşykda şu ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy.
Ýakyn Gündogaryň döwletleri, ilkinji nobatda, arap dünýäsiniň abraýly hem-de ykdysady taýdan ösen ýurdy bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, iki döwlet ýangyç-energetika, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda ýakyn hyzmatdaşlyk edýärler.
Iki dostlukly döwletiň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda yzygiderli esasda geçirilýän işewürlik maslahatlarynyň, özara duşuşyklaryň türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Taraplaryň nygtaýşy ýaly, paýtagtymyzda geçiriljek nobatdaky işewürlik forumy hem gyzyklanma bildirilýän ugurlarda iki ýurduň edara-kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.