2023-nji ýylyň 22-23-nji noýabrynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde
«Türkmenistan: maýa goýum we ösüş» atly forum geçirildi.
Bu giň möçberli çärä Türkmenistanyň ministrliklerinden we
pudak-edaralarynyň wekillerinden düzülen uly topar bilen bilelikde Söwda-senagat
edarasynyň wekilleri hem gatnaşdy.
«Türkmenistan: maýa goýum we ösüş»
atly forum Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy alty pudagy boýunça işewürlik
mümkinçilikleri barada maglumatlary jemledi. Bu forumyň üsti bilen öňdebaryjy
kompaniýalaryň ünsi ýurduň geljekdäki
ösüş meýilnamalaryna we Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna taýýarlygyna
çekildi.
Forumda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň
esasy düzümlerindäki täjirçilik mümkinçilikleri açylyp görkezildi. Munuň
özi öňdebaryjy kompaniýalara ýurduň ösüş
meýilnamalary we halkara hyzmatdaşlyga bolan meýilleri bilen ýakyndan tanyşmaga
amatly mümkinçilik döretdi. Bu çärede halkara bilermenleri, seljerme işlerini
geçirýän hünärmenler hem-de Türkmenistanyň döwlet we hususy düzümleriniň
ýolbaşçylary özara pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň ykdysady ösüş we maýa goýum kuwwatlyklary, esasan hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, maliýe,
bank we ätiýaçlandyryş, durmuş düzümlerini ösdürmek üçin maýa goýumlar ugurlaryna
degişli meselelere garalan bu forumyň maksady, täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny
döretmekden we ozaldan bar bolanlary has-da giňeltmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.