Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

18.07.2026
60

      Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän açyk gapylar we giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 13-17-nji iýuly aralygynda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory M. Harmsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda boldy. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem-de täze maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmäge gönükdirildi.

         Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we beýleki degişli döwlet edaralarynda geçirilen duşuşyklara gatnaşdylar. Şeýle hem olar Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň, Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynyň önümçilik mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Mary welaýatynda türkmen we german işewür toparlarynyň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň wekiliýetiniň agzalary bilen Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň arasynda giňişleýin iş duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, senagat kooperasiýasyny ösdürmek, ulag-logistika, energetika, dokma senagaty, gaýtadan işleýiş önümçiligi we beýleki ileri tutulýan  ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara bähbitli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek ugrunda pikir alyşyp, geljegi uly bilelikdäki  taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy pudagyň wekilleri bilen german işewür toparlarynyň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda türkmen kärhanalarynyň önümçilik we eksport kuwwaty, maýa goýum taslamalary hem-de özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary boýunça tanyşdyryşlar geçirildi. Gepleşikleriň netijesinde geljekde hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen bu duşuşyklar türkmen-german hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky beýany bolup, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, täze maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmäge berk binýat döretdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň