PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen-eýran işewürlik duşuşyklary geçirildi

29.05.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Türkmenistan-Eýran» Bilelikdäki söwda-senagat palatasynyň direktory Ramazan Bahraminiň ýolbaşçylygyndaky işewür toparynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we «Türkmenistan-Eýran» Bilelikdäki söwda-senagat palatasynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda  geçirilen gepleşiklerde iki goňşy ýurduň ähli ugurlarda bolşy ýaly, hususy düzümleriniň arasyndaky işewürlik gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, bu ugur boýunça özara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ýurtlar baý mümkinçiliklere eýedir.

Taraplaryň özara bähbitli işewür gatnaşyklary ösdürmäge bolan erk-islegi söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde, şol sanda işewür toparlarynyň arasynda yzygiderli esasda guralýan iş saparlarynyň mysalynda hem aýdyň görünýär. Duşuşykda ýurtlaryň söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda söwda, gurluşyk, himiýa, maşyngurluşygy, senagat, azyk önümçiligi, oba hojalyk, suw üpjünçilik pudaklarynda iş alyp barýan eýran işewürleriniň türkmen telekeçileri bilen ikiçäk işewürlik duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda hususy düzümleriň wekillerinde gyzyklanma döredýän hyzmatdaşlyk ugurlary we bilelikdäki taslamalardyr işewürlik teklipleri öwrenildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň