2024-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan Türkmen-çeh tegelek stoly geçirildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň kiçi mejlisler zalynda geçirilen bu duşuşyga Edaranyň ýolbaşçysy hem-de Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi gatnaşdy.
Ýurdumyzyň ministrliklerinden we pudak-edaralaryndan, şeýle hem Çehiýa Respublikasyndan wekilçilikli toparyň gatnaşan bu çäresinde oba hojalyk, energetika, suw hojalygy, söwda, eksport we import, harby we raýat maksatly radionawigasiýa tehnologiýalary, gurluşyk senagaty, harby taryhy ýaly ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, iki ýurduň işewürleriniň degişli ugurlar boýunça aýratynlykda iki taraplaýyn duşuşyklary guraldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.