Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi

09.07.2026
11

         2026-njy ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa toparyň türkmen böleginiň başlygy we agzalary, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

         Mejlisiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň halklaryny umumy taryh, köp asyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda iki ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy. Döwlet Baştutanlary – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan durmuşa geçirilýän yzygiderli syýasatyň netijesinde döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä çykarylandygy aýratyn bellenildi.

         Duşuşygyň dowamynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna syn berdiler hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň, özara maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmegiň hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

         Mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň dokuzynjy mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi. Resminama söwda-ykdysady, energetika, ulag, oba hojalygy, azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak we suw hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar.

         Mejlis özara düşünişmek we işewürlik ruhunda geçip, kabul edilen ylalaşyklaryň Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de iki dostlukly döwletiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigi bellenildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň