PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen-awstriýa: hyzmatdaşlygyň täze tapgyrlarynda

13.03.2024
Card image cap

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 10-12-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Awstriýada iş saparynda boldular.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti bilen Awstriýanyň onlarça kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda «Tegelek stol» görnüşli duşuşyk geçirildi.  Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerine, şol sanda oba hojalygy, gaýtadan işleýän senagat, gurluşyk, maşyn gurluşygy, sanlylaşdyrma we maglumat tehnologiýasy ýaly ugurlara garaldy. Şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň we täze taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýetine ýokary baha berýän taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň