Şu gün, mart aýynyň 10-yna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň hem-de Italiýanyň «Foscarini» kompaniýasynyň baş dizaýneri jenap Mateo Urbinati arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda, her ýylda «Italýan dizaýny» atly hepdeligini Türkmenistanda geçirmek baradaky mümkinçilkleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Italýan tarapyndan bellenilşi ýaly, jenap Mateo Urbinati Türkmenistana sapary wagtynda, döwlet edaralarynda we ýokary okuw jaýlarynda dizaýn boýunça birnäçe okuw sapaklaryny we ussatlyk-derejelerini okadar.