2024-nji ýylyň
16-njy iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyza sapar bilen
gelen Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar,
Merkezi Aziýa we Demirgazyk Afrika ýurtlary müdirliginiň Baş direktory Samuel
Tanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň
dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady
bilen geçirilýän gepleşikleriň yzygiderli häsiýete eýedigini bellediler.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar, şol
sanda Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şeýle hem Singapur Respublikasy
bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Şunda
ýokary tehnologiýalar, telekommunikasiýalar, gämi gurluşyk we port hyzmatlary
ulgamynda özara tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikler bar.
Duşuşyga
gatnaşyjylar iki ýurduň degişli pudaklaýyn edaralarynyň we hususy
kärhanalarynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin işewürlik
duşuşyklaryny guramagyň möhümdigini bellediler.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.