05.11.2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň daşary syýasatynda strategik
häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmäge, özara bähbitli
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we halkara ykdysady giňişlikde netijeli
gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Iki ýurduň arasynda
ýokary derejede alnyp barylýan dialog, özara hormat goýmak we deňhukukly
hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar täze mazmun bilen
baýlaşdyrylýar.
Şu ugurda alnyp
barylýan işleriň nobatdaky möhüm beýany hökmünde 2026-njy ýylyň 5-nji
noýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde 9-njy Hytaý halkara
import harytlary sergisiniň (CIIE 2026) dabaraly açylyşyny görkezmek bolar.
“Täze eýýam – umumy geljek” şygary astynda geçirilýän iri halkara çärä
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda guralan milli pawilýon
ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, eksport mümkinçiliklerini we milli önüm öndürijileriniň
gazanan üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrýan möhüm meýdança
bolup durýar.
Türkmenistanyň
milli pawilýonynda ýurdumyzyň dokma, himiýa, oba hojalyk we senagat
pudaklarynda öndürilýän ýokary hilli, eksporta gönükdirilen önümleriň dürli
görnüşleri görkezilýär. Milli önümleriň halkara sergide giňden tanyşdyrylmagy
ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň, ykdysady ösüşiniň hem-de dünýä bazarlarynda öz
ornuny pugtalandyrmaga bolan mümkinçilikleriniň aýdyň beýanydyr.
Pawilýon
sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri, ykdysadyýetiniň
ileri tutulýan ugurlary, baý taryhy we medeni mirasy bilen tanyşmaga hem giň
mümkinçilik döredýär. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara ykdysady giňişligindäki
ornuny pugtalandyrmakda, milli önümleriň daşary ýurtlarda tanalmagyny üpjün
etmekde we täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda möhüm ähmiýete
eýedir.
Şu
ýyl dünýäniň 162 ýurdundan, sebitlerinden we halkara guramalaryndan wekilleri
bir ýere jemlän sergide 4100-den gowrak gatnaşyjynyň önümleri we hyzmatlary
görkezilýär. Açylyş dabarasyna 30-dan gowrak ýurtdan we halkara guramadan
ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmagy çäräniň halkara ähmiýetini aýdyň
görkezýär.
Açylyş
dabarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýer-ministriniň
orunbasary Din Sýuesýan Hytaýyň açyklyk syýasatyna ygrarlydygyny, halkara
söwdasyny giňeltmäge we daşary ýurtly maýadarlar üçin amatly şertleri döretmäge
aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şeýle hem Hytaýyň dünýä ykdysadyýetiniň
ösüşinde möhüm hyzmatdaş bolup galýandygyny bellenildi.
Şanhaýda
geçirilýän 9-njy Hytaý halkara import harytlary sergisi Türkmenistanyň we
Hytaýyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara bähbitli
gatnaşyklary täze ugurlar boýunça giňeltmek hem-de türkmen önümleriniň halkara
bazarlardaky ornuny pugtalandyrmak üçin möhüm mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistanyň milli pawilýonynyň bu iri halkara çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň
dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýandygyny we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge
ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.