10-njy oktýabrda Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp açylan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi öz işini üstünlikli dowam etdirýär.
Sergä dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan lukmançylygyň dürli ulgamlaryndaky wekiller gatnaşýarlar. Şolaryň arasynda derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini, dürli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýän, tebigy kosmetiki önümleriň giň görnüşlerini, çaga iýmitini öndürýän daşary ýurt kompaniýalarynyň
150-den gowragy, şol sanda Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gruziýadan, Germaniýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan, Italiýadan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Polşadan, Türkiýeden, Hindistandan, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan kompaniýalar gatnaşýarlar. Lukmançylyk gözden geçirilişine gatnaşyjylaryň hatarynda türkmen lukmanlarynyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bolan «Seda Medical», «Philips», «Vichy», «Horiba», «Olympus», «B.Braun», «Sandoz», «Roche», «Zimmer», «Bionoricа», «Siemens», «Askin and Co», «Medtronic», «Getinge», «Alves», «Orica» we başga-da köp sanly kompaniýalar bar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.