PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi açyldy

10.10.2023
Card image cap

  2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi öz işine başlady.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilýän bu giň möçberli serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sergä gatnaşyjylara iberen çuňňur manyly Gutlagy okaldy.

        Halkara sergide daşary ýurt kompaniýalary, ýokary okuw jaýlary, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýörite we ýokary bilim berýän okuw jaýlary, hususy kärhanalar we telekeçiler öz ekspozisiýalary bilen çykyş edýärler. Halkara sergisiniň myhmanlary Türkmenistanyň saglyk, ylym-bilim we sport ulgamlarynda ýeten belent sepgitlerini açyp görkezýän pawilýonlary, diwarlyklary we tanyşdyrylyş maksatly wideoşekilleri synlamaga mümkinçilik alarlar.

 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň 

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň