PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletine iş sapary.

20.07.2023
Card image cap

2023-nji ýylyň 17-21-nji iýul aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Katar Döwletiniň Doha şäherine iş sapary amala aşyryldy.

Iş saparynyň esasy maksady 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde “Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat” şygary bilen geçiriljek “Ekspo – 2023 Doha” atly halkara sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk işleri ara alyp maslahatlaşmak bolup durdy.

Netijeli gepleşiklerden soňra, “Ekspo – 2023 Doha” atly halkara sergisine Türkmenistanyň bu abraýly halkara çäresine gatnaşmagy bilen bagly degişli bolan şertnama gol çekişmek dabarasy boldy.

Mundan başgada, türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletine saparynyň çäklerinde Katar Döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek babatynda duşuşyk hem guraldy.


Bulary hem okaň