PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Paýtagtymyzda çagalar üçin ýöriteleşdirilen halkara sergi tamamlandy

22.08.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 22-nji awgustynda paýtagtymyzyň «Garagum» myhmanhanasynyň arkasyndaky meýdançada dört günläp dowam eden «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini tamamlady.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy giňişliginde çagalar harytlary we hyzmatlar senagatyna ýöriteleşen iň iri halkara sergileriň biri bolan bu gözden geçirilişde diňe bir edara-kärhanalaryň degişli ugurda gazanan üstünlikleri, harytlary we hyzmatlary tanyşdyrylman, eýsem, onuň çäklerinde çagalar üçin dürli gyzykly çäreler hem guraldy. Ene-atalar, terbiýeçiler sergä gatnaşan kompaniýalaryň hünärmenlerinden çagalary terbiýelemek, olara bilim bermek babatda dünýäniň öňdebaryjy usullaryny we tejribelerini öwrendiler, ýetip gelýän täze okuw ýyly üçin gerek bolan esbaplaryň söwdasyny etdiler. Çagalar bu ýerde guralan köpsanly güýmenje çärelere, bäsleşiklere gatnaşyp, wagtlaryny hoş geçirdiler hem-de sowgatlara eýe boldular.

Şu gezekki sergi özüniň täsirliligi we birnäçe aýratynlyklary bilen tapawutlandy. Onuň jemleýji gününde çagalaryň döreden sungat eserleriniň we el işleriniň bäsleşikli satuwy geçirildi. Sergä gatnaşanlara SMS ses berişlik arkaly iň gowy sergi pawilýonyny saýlamaga mümkinçilik döredildi. Halk köpçüliginiň iň gowy diýip saýlan pawilýonlaryna guramaçylar tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Serginiň jemleýji gününde sergä gatnaşan edara-kärhanalara ýörite diplomlar gowşurylyp, hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň