2024-nji
ýylyň 24-25-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap
binasynda ak mermerli Aşgabadymyzyň şanyna «25-nji maý ─ Aşgabat şäheriniň güni»
bilen utgaşykly «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisi
geçiriler. Aşgabat şäher häkimligi bilen
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guraýan bu giň möçberli
halkara sergisinde paýtagtymyzda durmuşa
geçirilýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynda Aşgabady dünýäniň iň
owadan we ýaşaýyş üçin has amatly şäherleriniň birine öwürmek hakdaky tutumly
işler giň jemgyýetçilige hödürleniler.
«Ak şäherim
Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisine ýurdumyzdan ýüzlerçe, daşary
ýurtlardan hem onlarça kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu kompaniýalar
şäher durmuşynyň ähli taraplaryny öz içine alýan ugurlar boýunça sergi
pawilýonlarynda orun alarlar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.