2023-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň nobatdaky 17-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.T.Atdaýew ýolbaşçylyk etdi, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Ž.A.Hojaýew ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar 2021-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Daşkent şäherinde geçirilen 16-njy mejlisinde kabul edilen kararlaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar häzirki ýagdaýy we ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda pikir alyşyldy hem-de ýetilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belläp geçdiler.
Şeýle hem, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ep-esli ösendigi belläp geçildi.
Taraplar söwda gatnaşyklarynda ulanylmadyk möhüm kuwwatyň bardygyny bellediler we söwda dolanyşygynyň diwersifikasiýasyny üpjün etmek, möçberini köpeltmegiň, şol sanda gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we işewür toparlaryň arasynda uzak möhletleýin we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak boýunça ylalaşylan zerur mümkinçilikleri kabul etmek şeýle hem taraplar iki ýurduň çäklerinde türkmen we özbek kärhanalarynyň iş ugruna ýardam etmek barada ylalaşdylar.
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň nobatdaky 17-nji mejlisiniň netijelerine laýyklykda, jemleýji Teswirnama gol çekildi.