PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlary açylyp görkezildi

19.03.2024
Card image cap

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralyp, 3 gün dowam eden giň gerimli sergide kompaniýalaryň, hususy kärhanalaryň we önüm öndürijileriň 230-dan gowragynyň diwarlyklary ýaýbaňlandyryldy.  

Bu giň möçberli çäräniň dowamynda geçirilen Birleşmäniň agzalarynyň maslahatynda durmuşa geçirilen işler we gazanylan üstünlikler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de önümçiligi ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmek boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öňünde durýan wezipeler barada pikir alyşmalar guraldy.

Şeýle hem sergi türkmen işewürleriniň marketing syýasatynyň aýrylmaz düzüm bölegi hökmünde çykyş etdi. Serginiň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň gazananlarynyň, bäsdeşlige ukyply, uly isleg bildirilýän önümleriň dürli görnüşleriniň, täze harytlaryň, hyzmatlar ulgamynda teklipleriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ajaýyp üstünliklere eýe bolan milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz pudagynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň  aýdyň beýanyna öwrülen serginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.

 


Bulary hem okaň