2024-nji
ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap
binasynda Fransiýanyň «Beyond
Investments Group» kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän «The Investor»
žurnalynyň baş redaktory Leandro Slowinski bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ösüp barýan bazarlar barada iň soňky maglumatlary bermäge ýöriteleşen «Beyond
Investments Group» fransuz konsalting we neşirýat kompaniýasynyň düzümine
girýän «The Investor» žurnaly halkara derejesinde öňdebaryjy işewürlik neşiridir.
Duşuşykda «The Investor» žurnalynyň geljekki sanlarynda Türkmenistanyň
ykdysady mümkinçiliklerini dünýäniň işewürlik jemgyýetine ýaýbaňlandyrmak
maksady bilen, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan alnyp barylýan
işler barada pikir alşyldy. Taraplar geljekde bu babatda özara hyzmatdaşlyk
etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.