2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda azyk önümçiliginiň
döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan - 2023» ady bilen azyk,
gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi öz işine başlady.
Ak mermerli paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilýän bu
halkara sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň «Sofuar»
kompaniýasy bilelikde guraýar.
Halkara serginiň açylyş dabarasynda Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen çuňňur mazmunly
Gutlagy okaldy.
Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Moldowanyň,
Özbegistanyň, Türkiýäniň degişli pudaklarynyň kompaniýalarynyň önümleri we
hyzmatlary bilen tanyşdyrylýan sergi pawilýonlary myhmanlaryň ünsüni özüne
çekdi.
Şeýle hem azyk önümçiliginiň
enjamlary, gaplama önümleri we gaplama enjamlary, azyk önümleri we iýmit
goşundylary, çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary, däne saklaýyş we
degirmen ulgamlary, ýyladyşhana, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary, guşçulyk we
maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar, oba hojalyk önümleri, tohumlar we dökünler,
suwaryş ulgamlaryna niýetlenilen önümler we hyzmatlar boýunça taýýarlanylan
ekspozisiýalary Gollandiýanyň, Russiýanyň we Eýranyň ýörite pawilýonlarynda
görmek bolýar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda badalga alan bu halkara sergi 3 üç günläp dowam eder.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.