2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň Mawrikiý Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Heswar Janke bilen duşuşygy boldy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen jenap Heswar Jankeni tüýs ýürekden gutlap, oňa işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, ilçi oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanda diplomatik işi alyp barmagyň özi üçin belent mertebedigini nygtady.
Söhbetdeşligiň barşynda ilçä Türkmenistanyň söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri, gyzyklanma bildirýän ýurtlar hem-de kompaniýalar bilen netijeli we özara bähbitli işewür hyzmatdaşlygy ösdürmekde Söwda-senagat edarasynyň eýeleýän möhüm orny barada giňişleýin gürrüň berildi. Türkmenistan bilen Mawrikiý Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagyň we ösdürmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, söwda-ykdysady ulgamda döwletara gatnaşyklary ösdürmek üçin özara gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň möhümdigini belledi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.