Bu baradaky teklip 2024-nji
ýylyň 25-nji oktýabrynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde öňe sürüldi.
Ministrler
Kabinetiniň başlygynyň orunbasary B.Atdaýew goňşy döwletler bilen
söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada beren
hasabatynda degişli resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň
çäginde özara sergileri hem-de ýurdumyzda Ikinji türkmen-özbek sebitara
forumyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Agzalan çäreleri durmuşa
geçirmek maksady bilen, şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde «Türkmenistanda
öndürilen» atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisi geçirildi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň milli sergisini hem-de
Ikinji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp, goňşy
döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, bu
ugurda Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet
berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz noýabr aýynda Türkmenabat şäherinde
Özbegistan Respublikasynyň milli sergisini we Ikinji sebitara forumy geçirmek
baradaky teklibi goldady we degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.