Aşgabat şäheriniň «Garagum» myhmanhanasynyň arkasyndaky ýörite gurnalan meýdançada «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini dowam edýär. Golaýlaşyp gelýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda geçirilýän bu sergi mekdep okuwçylarda, çagalarda, ene-atalarda, bilim işgärlerinde aýratyn gyzyklanma döredýär.
Şu gezekki sergide adamlara gowy gören pawilýonlaryna ses bermek mümkinçiligi hem döredildi. Sergä gelýänler 0590 gysga belgä iň gowy sergi pawilýonynyň belgisini SMS edip özleriniň seslerini berip bilerler. Ses berişligiň gidişi we häzirki wagtda iň köp ses toplan pawilýon barada turkmentv.gov.tm web-saýty arkaly öwrenip bilersiňiz. Ses berişlik serginiň tamamlanýan gününde jemlener. Iň köp ses toplan edara-kärhana Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2025-nji ýylda geçiriljek sergä mugt gatnaşmak mümkinçiligi dörediler. Şeýle hem iň köp ses toplap, 2-nji we 3-nji orunlara eýe bolan edara-kärhanalara baýraklar gowşurylar.
22-nji awgustda tamamlanýan serginiň jemleýji gününde çagalaryň döreden sungat eserleriniň bäsleşikli söwdasy hem guralar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.