2024-nji ýylyň
19-njy awgustynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda
döredilen sergi meýdançasynda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara
sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Çagalar harytlaryna we hyzmatlaryna
bagyşlanyp, ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän bu ýöriteleşdirilen sergi 4
günläp, ýagny 22-nji awgusta çenli dowam eder.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy tarapyndan guralýan serginiň
açylyş dabarasy medeniýet we sungat ussatlarynyň, şeýle hem, çagalar
döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlaryna beslendi. Türkmenistanyň Mejlisiniň
Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň
ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri dabaranyň
hormatly myhmanlary boldy. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara
sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Ýöriteleşdirilen
sergä çagalar harytlar senagatynda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan
ýurdumyzyň we Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Özbegistanyň, Germaniýanyň,
Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň,
Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň hem-de beýleki
ýurtlaryň kompaniýalary, halkara we jemgyýetçilik guramalary gatnaşýarlar.
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda
guralýan bu sergi her bir çaga, ene-ata, okaýan we okadýan her bir adam üçin
gyzykly, degişli ulgamdaky täzelikler bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän çärelerden
doludyr. Onuň çäklerinde meşhur modalar öýleriniň çagalar üçin lybaslarynyň
dabaraly görkezilişi, dürli medeni we sport çykyşlary, ýetginjekler we kiçi
ýaşly çagalar üçin dürli mowzuklarda tälim beriji ussatlyk sapaklary,
bäsleşikler geçiriler.
Täze okuw
ýylyna taýýarlyk görýän adamlar bu ýerde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň belli
haryt öndürijileriniň dürli görnüşlere baý köp sanly önümleriniň söwdasyny hem
edip bilerler. Sergi çaga terbiýelemek, bilim bermek ulgamyndaky täzelikler,
usullar we innowasion tehnologiýalar bilen tanyşmak, özara tejribe alyşmak üçin
hem amatly meýdançadyr.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.