PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi ýarmarkasyna taýýarlyk görülýär

09.08.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 19-22-nji awgustynda Aşgabatda geçiriljek «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi ýarmarkasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin häzirki döwürde ykjam taýýarlyk görülýär. Şu maksat bilen häzirki wagtda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan serginiň geçiriljek ýeri bolan paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň ýanyndaky çäkde wagtlaýyn sergi meýdançasyny gurnamak işleri alnyp barylýar.

Halkara sergi ýarmarkasynyň 1-nji sentýabrda bellenip geçiljek Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda guralýandygyny bellemelidiris. Onuň diňe bir çagalar üçin däl, eýsem, mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar, mugallymlar, umuman bilim ulgamynda zähmet çekýän her bir adam, ene-ata üçin özüneçekiji söwda çäresine öwrüljekdigi ikuçsuzdyr.

Sergi ýarmarkasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy haryt öndürijileriniň çagalar, okuwçylar, talyplar üçin harytlaryny, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri, okuw esbaplaryny, elektron harytlary hödürlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, pudakda iş alyp barýan kompaniýalaryň tejribe alyşmagy, çagalar üçin ussatlyk sapaklarynyň, bäsleşikleriň guralmagy, meşhur modalar öýleriniň çagalar üçin täze lybaslarynyň dabaraly görkezilişini guramak meýilleşdirilýär. Çagalara, mekdep okuwçylara we talyp ýaşlara, olaryň gündelik we okuw durmuşyna bagyşlanan ýöriteleşdirilen sergi ýarmarkasy ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesil baradaky hemmetaraplaýyn alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Munuň şeýledigine ýakynda boljak halkara sergi ýarmarkanyň «Ähli zat çagalar üçin» atly şygary astynda geçirilmegi hem aýdyň tassyklaýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň