2024-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ysraýyl Döwletiniň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldi bilen duşuşyk geçirildi. Ol iki ýurduň söwda we hususy düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly, özara hormat goýmaga esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasy strategiýanyň möhüm ugruny düzýär.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamyň esasy ugurlarynyň birnäçesinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli giň meseleler boýunça pikir alşyldy. Bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklary geçirmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi. Munuň üçin Türkmenistanda geçirilýän iri halkara forumlaryň, sergileriň amatly şertleri döredýändigi bellenildi. Şeýle çärelere dostlukly döwletiň wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmäge taýýarlyk beýan edildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.