PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Halkara Sergiler Býurosynyň Baş Sekretarynyň duşuşygy

07.10.2023
Card image cap

2023-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda   Edaranyň başlygy Mergen Gurdowyň Halkara Sergiler Býurosynyň Baş Sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň dowamynda jenap D.Kerkentzes bilen TSSE-niň ýolbaşçysy we wekilleri bilen tanyşlyk boldy. Şeýle hem «Ekspo – 2023 Doha» halkara sergisiniň dabaraly ýagdaýda açylyp, işe başlandygy bilen bagly gutlag sözler aýdyldy. Myhman hem öz gezeginde, «Ekspo – 2023 Doha» halkara sergisindäki Türkmenistanyň pawilýonynyň gurluşyk işleriniň wagtynda tamamlanandygy bilen bagly gutlag sözlerini aýtdy we bu pawilýonyň özboluşly owadanlygy bilen tapawutlanýandygyny belledi. 

Şeýle hem myhman 2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýokary derejeli duşuşygyň örän üstünlikli geçendigini we geljekde Türkmenistanyň çäginde ýöriteleşdirilen EKSPO sergisini geçirmegiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Soňra jenap D.Kerkentzes TSSE-niň başlygy M.Gurdowy Halkara Sergiler Býurosynyň Baş assambleýasynyň şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek nobatdaky ýygnagyna çagyrdy.

Bulardan başga-da Türkmenistanyň Söwda Senagat edarasy bilen Halkara Sergiler Býurosynyň arasyndaky gatnaşyklaryp täze derejä çykarylmagynyň wajypdygy we bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň çäginde okuw sapaklarynyň geçirilmegi barada gürrüň edildi.

 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň