05.11.2026
2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda üç günläp dowam eden “Türkmenistanyň
gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara sergi we
maslahat öz işini üstünlikli jemledi.
Halkara
forumyň jemleýji güni sanly gurluşyk we “akylly" şäherleri ösdürmekde öňdebaryjy
tehnologiýalary ornaşdyrmak, innowasion çözgütleri giňden ulanmak, şeýle hem
geljekki hünärmenleriň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek bilen bagly möhüm
meseleler ýörite mejlisiň dowamynda giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Üç
günüň dowamynda geçirilen halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň gurluşyk,
senagat, himiýa hem-de energetika pudaklarynyň ösüş mümkinçiliklerini halkara
jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmakda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara
bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmakda we täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemekde
möhüm meýdança boldy.
Çäräniň
jemleýji gününde halkara sergä gatnaşyjylary sylaglamak dabarasy geçirildi. Şeýle
hem halkara sergi we maslahata gatnaşyjylaryň Hormatly Prezidentimiziň adyna
Ýüzlenmesi kabul edildi.
Halkara
sergi we maslahat ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny dünýä
jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmakda, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde
hem-de täze işewür başlangyçlara ýol açmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.