2024-nji
ýylyň 25-nji oktýabrynda Bişkekde Gyrgyzystanyň Söwda-senagat palatasynyň döredilmeginiň
65 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Ýurduň
milli ykdysadyýetiniň ösmeginde möhüm orun eýeleýän Gyrgyzystan Respublikasynyň
Söwda-senagat palatasynyň döredilmeginiň 65 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre Ministrler
Kabinetiniň başlygy ─ Gyrgyzystanyň Prezidentiniň administrasiýasynyň başlygy
Akylbek Japarowyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen
wekiliýeti, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý
Halk Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň,
Azerbaýjan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we ýewropa döwletleriniň
Söwda-senagat palatalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Baýramçylyk
çäreleriniň çäginde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri 2024-nji
ýylyň 25-27-nji oktýabry aralygynda Bişkekde geçirilýän «Gyrgyzystan ─ EKSPO
2024» atly halkara uniwersal sergi-ýarmarkasynyň resmi açylyş dabarasyna hem gatnaşdylar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.