2024-nji ýylyň
6-njy sentýabrynda Türkenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň Eýran
Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi
Aly Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşygy boldy. Onda ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanda maýa goýumlar, işewürlik, daşary
söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça döredilýän amatly şertler türkmen-eýran
gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň
Hormatly Prezidentiniň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty
netijesinde amala aşyrylýan işleriň
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginde möhüm
ähmiýete eýe bolýandygyny nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa
gatnaşyjylar birek-birege alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip,
iki goňşy ýurduň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan
beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.