Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işini üstünlikli dowam edýär.
Dünýäniň onlarça döwletinden ýüzlerçe kompaniýalaryň gatnaşýan bu giň möçberli halkara çäresiniň ikinji gününde, ýagny 24-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2024» atly halkara maslahaty geçirildi. Onda dünýädäki energetika bazarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlar we hyzmatdaşlygyň geljegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek, ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde gazyp almak işini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere giň orun berildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.