03.11.2026
2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Awstriýa Respublikasynyň
Ilçihanasynyň “Hemmeler üçin durnukly energiýa” (SEforALL) guramasynyň ýerine
ýetiriji direktorynyň orunbasary Stefano Marguççionyň ýolbaşçylygyndaky
wekiliýet bilen duşuşdy.
Duşuşygyň
netijesinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, energetika ulgamynda öňdebaryjy
tejribeleri öwrenmegiň we Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini dünýä
jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň
dowamynda wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň alyp
barýan köpugurly işleri, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini halkara derejede
tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola
goýmak, şeýle hem halkara sergileri we işewürlik forumlaryny guramak boýunça
işjeňligi bilen tanyşdyryldy. Edaranyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny dünýä
jemgyýetçiligine ýetirmekde we halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini
açmakda eýeleýän möhüm orny aýratyn bellenildi.
Wekiliýetiň
ýurdumyza saparynyň esasy maksady “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa,
energetika pudaklarynyň ösüşi” atly Halkara sergisine we maslahatyna – CIET
2026 gatnaşmakdan ybaratdyr. SEforALL guramasynyň wekiliýeti halkara maslahata
esasy çykyş edijileriň biri hökmünde işjeň gatnaşyp, dünýä energetikasynyň
durnukly ösüşi we energiýa howpsuzlygy boýunça tejribelerini paýlaşýar.
Halkara
maslahatyň çäklerinde energetika ulgamynda durnukly ösüşi üpjün etmek, energiýa
serişdelerinden netijeli peýdalanmak we halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny
kesgitlemek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşmagy möhüm ähmiýte
eýedir.
Duşuşyk
we wekiliýetiň “CIET 2026” halkara sergisine hem-de maslahatyna gatnaşmagy
Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, energetika ulgamynda öňdebaryjy
tejribeleri alyşmak we ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini dünýä derejesinde
dabaralandyrmak boýunça alyp barýan işleriniň möhüm beýany boldy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.