PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Daşkent şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisi geçirildi

16.07.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 15-16-njy iýulynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň 70-den gowrak döwlet we hususy edara-kärhanalary gatnaşdylar.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümet Baştutanlarynyň orunbasarlary, söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri hem-de köp sanly telekeçiler gatnaşdylar.

Dostlukly goňşy döwletiň paýtagtynda guralýan sergide ýurdumyzyň döwlete dahylly düzümleri we hususy önüm öndürijiler özleriniň öndürýän harytlary hem-de hödürleýän hyzmatlary bilen bu ýere gelýänleri tanyşdyrdylar. Türkmen edara-kärhanalarynyň ýaýbaňlandyran sergi pawilýonlarynda haly, şaý-sep, dokma, azyk, gurluşyk, senagat önümleri, himiki serişdeler we başga-da harytlaryň köp sanly görnüşleri görkezildi.

Bu sergi işewür duşuşyklary geçirmek, täze teklipleri öwrenmek we hyzmatdaşlyk şertnamalaryny baglaşmak üçin giň şertleri döretmek bilen yzygiderli ösdürilýän türkmen-özbek söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem giňeldilmegini şertlendirdi.

«Türkmenistanda öndürilen» atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisiniň çäklerinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 18-nji mejlisi, Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň 4-nji mejlisi hem geçirildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň