03.11.2026
2026-njy ýylyň 3-nji
noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň gurluşyk,
senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly Halkara serginiň we maslahatynyň
– CIET 2026-nyň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ileri tutulýan
ugurlaryny ösdürmäge, önümçilik kuwwatyny artdyrmaga, döwrebap tehnologiýalary
ornaşdyrmaga hem-de halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen bu
halkara çäre möhüm ähmiýete eýe boldy.
Açylyş dabarasynda
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara sergä we maslahata
gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda ýurdumyzyň gurluşyk
we senagat pudaklarynda gazanylýan üstünlikleri, milli ykdysadyýetiň esasy
ugurlarynyň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, döwrebap tehnologiýalary
ornaşdyrmak hem-de eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan
işler giň beýanyny tapýar.
Dabara Türkmenistanyň
hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň
hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, jemgyýetçilik
guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri
gatnaşdylar.
Halkara maslahatynyň
wekilleriniň düzüminde dürli döwletleriň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara
maliýe düzümleriniň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň, energetika we öňdebaryjy
tehnologiýalar ulgamynyň wekilleri bar. Olaryň gatnaşmagy dürli ýurtlaryň
işewür toparlarynyň arasynda tejribe alyşmaga, özara bähbitli gatnaşyklary
ösdürmäge hem-de täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemäge giň mümkinçilikleri
açýar.
Halkara serginiň
we maslahatyň çäklerinde gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň
häzirki ösüş ugurlary, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, täze
maýa goýum taslamalary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp
maslahatlaşylýar. Şeýle-de çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, B2B we B2G görnüşli
işewürlik duşuşyklary geçirilýär. Bu duşuşyklar döwlet düzümleri bilen daşary
ýurtly işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga, täze hyzmatdaşlyk
başlangyçlaryny öňe sürmäge we maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmäge ýardam berýär.
“CIET
2026” halkara sergisi we maslahaty Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň täze
mümkinçiliklerini açyp görkezmek bilen, ýurdumyzyň halkara işewürlik
giňişligindäki ornuny pugtalandyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hem-de geljegi uly taslamalary durmuşa
geçirmäge gönükdirilendir.
Halkara
sergi we maslahat 5-nji noýabra çenli dowam eder.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.