04.11.2026
2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa,
energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara sergi we maslahat öz işini dowam
etdirýär.
Dünýäniň
dürli ýurtlaryndan döwlet edaralarynyň wekillerini, iri kompaniýalaryň
ýolbaşçylaryny, maýadarlary we pudaklaýyn bilermenleri bir ýere jemleýän halkara
çäre ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, senagat mümkinçiliklerini hem-de maýa goýum
babatdaky geljegini dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrýar.
Halkara
serginiň ilkinji güninde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, “Türkmenhimiýa”
döwlet konserniniň hem-de birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda
hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşylyp, birnäçe
hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi. Bu ylalaşyklar gurluşyk, senagat,
energetika, himiýa we ulag infrastrukturasyny ösdürmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň
täze mümkinçiliklerini açýar.
Şu günüň
maksatnamasynyň çäklerinde “Energetika we himiýa senagatynyň häzirki wagtda
ýokary hilli önümleri hem-de halkara maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçilikleri”
we “Ýol infrastrukturasyny ösdürmek, döwrebap tehnologiýalar, innowasion
gurluşyk materiallary we geljege gönükdirilen binagärlik çözgütleri”,
“Infrastruktura, senagat we ulag baglanyşygyny ösdürmekde maýa goýumlary we
döwlet-hususy hyzmatdaşlygy”, “Döwlet we hususy pudagyň ykdysady ösüş ugrunda
hyzmatdaşlygy” ýaly möhüm mowzuklara bagyşlanan mejlisler geçirilýär.
Şeýle hem halkara ykdysady hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmakda we täze işewürlik başlangyçlaryna ýol açmakda möhüm ähmiýete
eýe bolan B2B we B2G görnüşindäki duşuşyklar hem dowam etdirilýär.
CIET
2026 halkara sergi we maslahaty ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny dünýä derejesinde
dabaralandyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary
pugtalandyrmak hem-de milli ykdysadyýetimiziň geljekki ösüşlerine täze itergi
bermek babatda möhüm ähmiýetli halkara işewürlik meýdançasydyr.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.