Şu gün ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda Azyk
önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen
Food» atly halkara sergisi öz işine başlady.
Üç günläp dowam etjek halkara serginiň maksady oba
hojalygynda ýurdumyzyň gazananlary, azyk önümçiliginde döwlet we hususy
kärhanalaryň ýeten sepgitleri, täze önümleridir hyzmatlary, degişli ugurlarda
halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr.
Sergide ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň
kompaniýalarynyň we telekeçileriniň ýüzden gowragy öz diwarlyklaryny
ýaýbaňlandyrýarlar. Gözden geçirilişe Russiýadan, Türkiýeden, Belarusdan,
Özbegistandan kompaniýalar gatnaşýarlar. Daşary ýurtlaryň kompaniýalary dürli gaplaýjy
maşynlaryny, iýmleri garyşdyrmak üçin gurallaryny, ekiji, ýygyjy, ideg ediji
tehnikalaryny, ösümlik ýagyny öndürýän maşynlaryny, guradyjy ulgamlaryny
tanyşdyrýarlar.
«Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» atly halkara
sergi oba hojalyk toplumynyň ösüşine gönükdirilen tehnologiýalardaky
«nou-haular» we meýilnamalaýyn işler bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçiligi
döredýär.
Halkara serginiň birinji gününiň ikinji ýarymynda oňa
gatnaşýan kompaniýalaryň täze tehnologiýalarynyň, enjamlarynyň we önümleriniň
mahabat-tanyşdyryş çäreleri hem geçiriler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.