Söwda-senagat
edarasynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz
işini dowam edýär. Gözden geçirilişiň ikinji gününde oba hojalyk we azyk
önümçiligine ýöriteleşen ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň wekilleri
özleriniň hödürleýän harytlarydyr hyzmatlary bilen sergä gelenleri
tanyşdyrýarlar.
Serginiň
çäklerinde geçirilýän mahabat-tanyşdyryş çäreleri kompaniýalaryň oba hojalyk
önümleriniň önümçiliginde ulanýan tehnologiýalary, täzeçil usullary, öndürýän täze önümleri bilen tanyşmak üçin
oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Oba hojalygyndaky we azyk önümçiligindäki täze
öňegidişliklere bagyşlanan şu gezekki gözden geçiriliş degişli ugurda
ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň işewürleriniň arasynda özara bähbitli
hyzmatdaşlygy ýola goýmak, tejribeleri alyşmak üçin amatly meýdança bolup
hyzmat edýär. Serginiň çäklerinde gyzyklanma bildirýän taraplar hyzmatdaşlyk
üçin özara işewürlik duşuşyklaryny geçirýärler.
Ýurdumyzyň
we daşary döwletleriň 100-den gowrak wekiliniň gatnaşýan sergisinde ýaýbaňlandyrylan
diwarlyklarda ekerançylyk,
maldarçylyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk ýaly oba hojalygynyň dürli
ugurlary, taýýar oba hojalyk önümlerini senagat taýdan işlemek, gaplamak we
taýýar harytlar bilen ilaty üpjün etmek boýunça ýöritileşen kärhanalaryň alyp
barýan işleri bilen tanyşdyrylýar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.