Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

22.07.2026
54

            2026-njy ýylyň 27-29-njy iýuly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler.

         Çäräniň esasy maksady iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmek, täze maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de telekeçileriň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdyr.

         Maslahatyň çäklerinde degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň hem-de işewür toparlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyklar we B2B gepleşikleri geçiriler. Duşuşyklarda gurluşyk senagatynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, önümçilik mümkinçiliklerini tanyşdyrmak hem-de täze hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda işewürler maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek, wekiliýetleriň netijeli iş alyp barmagy üçin amatly şertleri döretmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar.

            Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda yzygiderli ösdürilýän dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nobatdaky beýany boljak bu işewürler maslahaty söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşdirilmegine, telekeçileriň arasynda täze hyzmatdaşlyk baglanyşyklarynyň ýola goýulmagyna hem-de geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň